TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk — bagtymyz

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygy döwrüniň her bir ýyly halkymyz üçin täze üstünliklere beslenýär. Geçen döwre nazar aýlanymyzda, şu günki üstünlikleri gazanmak üçin abyrsyz işleriň, maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilendigine, olaryň esasynda bolsa, netijeli döwlet dolanyşygynyň, jemgyýetiň agzybirliginiň durandygyna göz ýetirýäris.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň dünýä derejesindäki hilini gazanmaga mümkinçilik berýän esasy şertler döredildi. Senagat pudagynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýurdumyzyň ulag — üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny özünde jemleýän halkara häzirki zaman ulag ugurlaryny döretmek maksady bilen, giň möçberli çäreler durmuşa geçirildi we geçirilýär.

Ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän baýramlaryň naýbaşysy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplere, halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerilip guralan Döwlet Maslahaty külli türkmeniň göwnüni galkyndyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilkinji gezek geçirilen umumymilli forumyň dowamynda berkarar Watanymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna düşen ýyllarynda gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere baha berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk — barlygymyz. Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýlip bellenilýär.

Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk halkymyzyň şöhratly taryhynyň öçmejek ýazgylarydyr, bu taryha altyn harplar bilen ýazylýan şu günümizdir, bu taryhy öňe, diňe öňe alyp gitjek ýagty ertirlerimizdir. Garaşsyzlyk diýmek berkarar döwletliligimizdir we onuň dünýädäki belent at-abraýydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz döwletimiz halkara gatnaşyklar ulgamyna, dünýäniň ykdysady aragatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar. Özüniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýär. Bu gün dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýy has-da belende galýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda oňyn özgerişlikler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Gazanylýan üstünlikler edermen türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa Arkadagly Serdarymyzyň irginsiz aladalary durýar. Beýik işleri durmuşa geçirýän, halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 Soltanbibi  Meretgeldiýewa,

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle