MEDENIÝET

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

3-nji sentýabrda Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-sazly, döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi.

Kalby ylhamly, ýürekleri buýsançdan, söýgüden püre-pür zehinli çagalaryň baýramçylygyna öwrülen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti uly şatlyk-şowhuna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigine gatnaşyjylara iberen gutlagynyň okalmagy bolsa çagalaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Bu bäsleşigiň jemleýji konsertine Aşgabat şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. Bäsleşikde zehinli çagalar, çagalar döredijilik toparlary eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, gözel tebigatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, özleriniň çaga kalplaryndaky arzuw-isleglerini joşgunly aýdymdyr sazlaryň, tans hereketleriň, çeper okaýyşlaryň, edebi sazly kompozisiýalaryň üsti bilen wasp etdiler, beýan etdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan zehinli çagalar:

  • Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ýyldyz Amannepesowa,
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Meret Hydyrow,
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Döwletgeldi Orazdurdyýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 77-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Kemal Durdymädow,
  • Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Omar Bazarow,
  • Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Çynar Wepaýewa dagylar «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
  • Ýeňiji bolan zehinli çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri hem-de bäsleşigiň ýeňijileriniň diplomlary gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjy çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Ýaponiýada Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragyň goşgulary haly sungatynda

Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň teatr festiwaly geçiriler

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

14—19-njy iýun: ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Konsertde hoş owazlar ýaňlandy

Ata Watan Eserleri