BIZNES

Garaşsyzlyga bagyşlanyp sergi guralar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak giň möçberli serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Maksatnama laýyklykda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçiriljek sergide milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilýän we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümler görkeziler.

Forumyň çäklerinde täze önümleri, maýa goýum taslamalaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň iri kärhanalarynyň ösüş maksatnamalarynyň geljekki ugurlaryny hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümlerini tanyşdyrmak boýunça mahabat çäreleri meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigini, ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny we uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Bu gün Türkmenistan ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginde ösýän döwlet hökmünde dünýäde giňden bellidir. Ýurdumyzda giň gerimli taslamalar we oňyn başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Sergiler ýetilen sepgitleri görkezmek, netijeli mahabat işlerini alyp barmak, täze hyzmatdaşlary tapmak we şertnamalary baglaşmak hem-de bazar meýillerini öwrenmek we onda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçiligi üpjün edýär. Şoňa görä-de, innowasion tehnologiýalar we täzeçil usullar önümçilige has işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

 

Türkmenistanda nebitgaz ýataklarynda gözleg-barlag işleri geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar

“Sanly karz” ulgamy hyzmaty ornaşdyrylýar