TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

«Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Arçabil” myhmanhanasynda «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat geçirildi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilen bu halkara foruma Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, žurnalistler, şeýle-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maslahata gatnaşyjylar dünýä ülňülerinde gurlan kaşaň myhmanhanada giňden ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine bagyşlanan sergä tomaşa etdiler.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly çykyş eden daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzyň halkara habarlar giňişliginde eýeleýän mynasyp ornuny, türkmen žurnalistleriniň elektron saýtlar arkaly işlemekleri, ýurduň täzeliklerini, ösüşlerini dünýä ýaýmaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleri bellediler.

Halkara maslahatyň barşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ozal baglaşylan halkara resminamalaryň ýerine ýetirilişi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda geljekki edilmeli işler we öňde durýan wezipeler barada pikir alyşmalar boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle