TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Garabogazköl aýlagy barada

Türkmenistanda täsinligi bilen haýran galdyrýan tebigy künjekleriň biri-de Garabogazköl aýlagydyr. Ol Hazar deňziniň «goňşusydyr», çägeli zolak ony deňizden bölüp aýyrýar. Garabogaz köli Hazaryň suwy bilen suwlulanýar. Deňiz her ýylda oňa 8 — 10, suwunyň köpelen wagtynda bolsa 25 kub kilometre çenli suw «berýär». Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Aýlag deňizden aşakda ýerleşýär, şol sebäpli-de takmynan dört metr beýiklikden ýokary tizlik bilen şaglap inýän suw güwwüldäp ses edýär. Iň täsin ýeri-de: şonça köp suwuň nirä gidýändigi belli däl. Aýlaga giren gämiler hem ýitirim bolýar eken. Doýdumy-doldumy ýok, üstesine gämileri hem «ýuwdup» ýatan bu ýer adamlarda gorky döredipdir, onuň «Garabogaz» ady-da hut şunuň bilen bagly döräpdir hasap edilýär. Ýerli ilat Hazaryň suwy Garabogazdaky düýpsüz girdap arkaly Aral deňzine goşulýar diýip ynanypdyr.

Soňky barlaglar munuň beýle däldigini aýan edýär. ХVIII asyryň başlarynda Garabogazköl aýlagy ylmy taýdan öwrenilip başlanýar. 1715-nji ýylda knýaz Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý ilkinji bolup ýelkenli gämilerde bogazyň üsti bilen aýlaga girip, barlag işlerini geçiripdir. Ol Pýotr I buýrugy esasynda Hazaryň şu böleginiň we aýlagyň ilkinji takyk geografik kartasyny düzen adamdyr.

1726-njy ýylda-da bu aýlagy öwrenmäge synanyşyk edilipdir. Emma gämileri demine sorup ýatan girdap barada eşiden gürrüňleri deňizçileri aýlaga girmekden «saklapdyr».

1836-njy ýylda G.S.Kareliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa gaýyklarda aýlaga giripdir. Garabogazyň uly giňişlige ýaýylyp ýatandygyny gören Karelin: «Aýlaga deňiz diýilse-de boljak» diýip ýazypdyr.

1847-nji ýylda I.M.Žerebsowyň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa Garabogaza gelipdir. Ol hem aýlag barasynda öz tejribesine daýanyp, şeýle ýazgy galdyrypdyr: «…ýowuz we deňizçilere howp salýan beýle kenarlara ozal duş gelmändim».

Tizara Garabogazköl aýlagynyň dürli duzlara baýdygy ýüze çykarylýar. Ol Mendeleýewiň tablisasyndaky ähli elementleri özünde jemleýän täsin künjek hökmünde dünýä meşhur bolýar. Şoňa görä-de, oňa «altynly mekan» diýip at beripdirler. Dogrudan-da, Garabogaz köli duza baý mekan. Onda duzlaryň ençeme görnüşi bar.

1939-njy ýylyň güýzünde Hazaryň suwy peselip ugraýar. Şol sebäpli Garabogaza akýan suwuň möçberi-de azalýar. Suwy azalsa-da, onuň bugarmagynyň şol öňküliginde galandygy zerarly, aýlagda toplanan duzlar ýel turan wagty ýagyş bolup ýagýar.

Geçen asyryň 50 — 70-nji ýyllarynda deňziň suwy has azalýar. Şol döwürde-de Wolga derýasynyň boýunda gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär eken. Hazaryň peselmeginiň öňüni almak üçin Garabogaza barýan suwuň öňüne böwet basylýar. Munuň täsiri netijesinde, Garabogaz köli ýalpaklanyp ugraýar. Iki ýylyň dowamynda aýlagyň meýdany 10 müň inedördül kilometrden 2 müň inedördül kilometre çenli kiçelýär. Bu ýagdaý garaşylmadyk kynçylyk döredýär: bir-ä duz kärhanalaryna çig mal ýetenok, bir-de daş-töwerege duz tozanly howa ýaýraýar.

1984-nji ýylda Garabogaz köli doly gurap, tutuşlygyna duzly köle öwrülýär. Şol döwürde Hazaryň suwy duýdansyz köpelip başlaýar. Garabogazy halas etmek üçin gaçydan turbalar arkaly aýlaga suw akdyrylýar, emma onuň ullakan peýdasy bolmaýar. 1992-nji ýylda gaçyny aýyrýarlar we aýlag öňki katdyna gelýär.

Garabogaz kölüni suw bilen üpjün edýän Hazar deňziniň ýaşy 6 — 8 million ýyl hasap edilýär. Şundan çen tutsaň, Garabogazyň hem ýaşy kiçi däl bolsa gerek. Hazar deňzi bilen ýanaşyk bolup, iň esasysy-da, ondan suwlulanýan Garabogaz Hazardan üzül-kesil tapawutlanýar. Onda ne balyk bar, ne-de suwotulary. Aýlagyň kenarlary glauber duzunyň (mirabilitiň) aşa köp duş gelýän mesgenidir. Bu duz kükürt kislotasyny, kükürdi we sodany öndürmekde esasy çig maldyr.

Häzirki döwürde Garabogazköl aýlagyna döwlet derejesinde uly üns berilýär we ekologik ýagdaýy göz öňünde tutulyp, onuň özleşdirilişi dowam etdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti “Deňiz han” atly harby gämi bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Daşkent: ýük awtoulag kompaniýasyny döretmek teklip edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Ata Watan Eserleri