TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gara ýollar dünýä ünlelerine laýyk getirilýär

Şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmek Aşgabadyň geljeki gurluşyklaryny alyp barmagyň esasydyr. Ol täze awtoýollary gurmagy we köneleriniň durkuny täzelemegi üpjün edýär. Soňky ýyllarda paýtagtda giň radial we aýlaw şaýollary hem köçeleri peýda bolup, olar häzirki zamanyň arhitektura toplumy we gidrokaskadlary bilen bezeldi, şeýle hem tunneller ýolaýrytlar, ýerasty geçelgeler peýda boldy.

Ýurdy iri möçberli özgertmek üçin welaýatlaryň arasynda ykdysady aragatnaşyklary berkidýän, ilaty iş bilen üpjün edýän, şeýle-de içerki we halkara gatnawlarynda ýük daşamagy kämilleşdirmek, gara ýollaryň bütewi halkasyny döretmek wezipesi öňde goýuldy. Zähmet şertleriniň yzygiderli ösdürmegi, ýükleriň, aýratynam, çalt zaýalanýan oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenýän merkezleri ýokary hilli daşalmagy önümçilik gatnaşyklaryny üpjün edýär. Önümleriň sarp edijä çalt we ýitgisiz eltilmegi adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmagyň şerti hasaplanýar.

Arçabil şaýoly Aşgabat-da ilkinji gurulan ýokary tizlikli ýoldyr.

Türk ýolgurujylaryň kompaniýasy bu ýoluň gurluşygyny 3 ýylda ýagny 2001-2004 ýyllar aralygynda ulanmaga berildi. Ol dört gatnawly ýoly gurup, her gatnaw ugruny aýry-aýrylykda böleklere bölüp, umumy giňligi 35 metre ýetirdiler. Gapdal ýanýodalar pyýadalar üçin ýollar bilen bilelikde bu şaýolyň giňligi 80 metre barabardyr. Paýtagtyň esasy şaýollary bolan Andalyp, Türkmenbaşy şaýoly, Bitaraplyk şaýoly bilen kesişýän ýerlerinde dört taraplaýyn panduslar guruldy. Täze ýollaryň gurulmagy  we öňki ýollaryň durkunyň täzelenmegi paýtagtda alnyp gurluşyklaryň hem-de beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi bilen dünýä ülňülerine gabat gelýän magistral ýollary bilen üpjün edilmegi biziň ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

Aşgabadyň halkara ykrarnamasyna eýe bolan “Arçabil”, “Çandybil”, “Bitarap Türkmenistan”, “Garaşsyzlyk”, “Köpetdag”, “10 ýyl Abadançylyk” we başga-da birnäçe şaýollary ýol gurluşyk ylmynyň täze gazananlaryň esasynda gurlandyr we olar gurlanda innowasion materiallar hem-de tehnologiýalar giňden ulanylandyr. Hormatly Prezidentimiz “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynda şeýle ýazýar: Meýilnama laýyklykda paýtagtymyzda jemi uzynlygy 60 kilometrden gowrak 12 sany ýol döwrebaplaşdyryldy, 18 sany köpri guruldy, pyýadalar üçin 39 sany ýerasty geçelge, şeýle-de 15 sany ýerüsti geçelge döredildi. Aşgabat şäheriniň daşynda gurlan umumy uzynlygy 200 kilometrden gowrak bolan halkalaýyn ýoluň daş-töwereginde ýaşyl zolagyň emele getirilmegi ekologiýa abadançylygyna oňaýly täsir etdi.

Alymlar şeýle belleýärler:

Çagyl, çäge, mineral külkesi we nebit bitumy garyndysyndan alynýan asfalt betony ýollary gurmak üçin esasy serişdeler bolup durýar. Düzüm oýlanyşykly sepilip alnanda we olaryň häsiýetleri standartlaryň talaplarynda laýyk gelende şeýle örtükler onlarça ýyl hyzmat edip bilýär. Türkmenistanyň yssy howasynda asfaltbeton örtükleri ýokary temperaturalarda gyzgyna durnukly, temperaturalar üýtgäp duranda jaýrylma durnukly hem-de ýaz-güýz möwsümlerinde suwa durnukly bolmalydyr. Asfalt-beton garyndyda bitumyň artykmaçlygy suwa ýokary durnuklylygy üpjün etmek bilen, ýokary temperaturalarda örtügiň işine ýaramaz täsir edýär, pes temperaturalarda bolsa, jaýryklaryň emele gelmegine getirýär. Şonuň üçin ýol gurluşygynda ulanylýan materiallaryň hili has jogapkärli bolýar. Ýol bitumlarynyň  hilini gowulandyrmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň amala aşyrylmagy hem-de olaryň köpçülikleýin ulanylmagy ýollaryň asfalt-beton örtüginiň hilini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmen nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň adyny göterýän şaýol paýtagtymyz Aşgabadyň durky düýpli täzelenen iň tämiz şaýollaryň biridir. Bu gözel şaýoluň ugrunda bina edilen “Zemiň”, “Ebedilik”, “Dowamat”, “Jebislik”, “Ösüş”, “Alaw”, “Erkanalyk” diýlip atlandyrylan monumental ýadygärlikler döwrüň pikirlerini-bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny we ruhubelentligini özünde jemläp, şäher gurşawy bilen dowamly sazlaşygy emele getirýär. Gözel görkli şaýolyň çatyrygyndaky köp zolakly halkalaýyk ýollaryň merkezinde gurlan “Döredijilik” we “Şahyr” atly heýkeltaraşlyk desgalary bolsa täze döwrümiziň joşgunly ylhamy hökmünde kalplarda iň ýakymly duýgulary oýarýar.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň ýol gurluşygyna uly üns berýär. Ulag üpjünçilik ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegiň netijesinde, şäherde awtoulaglaryň bökdençsiz, sazlaşykly, howpsuz hereketi ýola goýuldy. Ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygynyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri we giň jemgyýetçilik tarapyndan gurulýan wagyz-nesihat çäreleriniň ýol-ulag şikesleriniň öňüni almakda uly ähmiýeti bardyr.

 Annajemal Orakowa,

TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri.

 

Bitarap Türkmenistanda ýüpekçiligiň medeniýeti

Ýene-de okaň

03-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Teswirle