TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gar hakynda täsin maglumat

Gyş paslynyň gelmegi bilen her bir adam uly ýa-da kiçiligine garamazdan tebigatyň ak dona büreneni görmek isleýär. Ýöne, tebigaty ak dan büreýän garjagazlar hakynda bolsa köp maglumat bilemzok. Şonuň üçin hem dürli çeşmelerden gar hakynda ýygnan gyzykly maglumatlarymy siziň bilen paýlaşmagy makul bildim.Dünýä takmynan 50 % ilat hakyky gary görmedi.Garyň 95 % howadan durýar. Bu bolsa olaryň ak reňkli bolmagyna getirýär.Garyň reňki akdyr ýöne käte garyň gülgüne ýa-da gyzyl öwüsýän görnüşlerine hem duş gelmek bolýar. Şeýle garlary beýik daglarda synlap bolýar.

Gyzyl gary görenler onuň tagamyny garpyz bilen deňeşdirýärler. Munuň şeýledigine Amerikanyň Kolorado ştatynyň ýaşaýjylary hem tassyklaýarlar. Çünki ol ýere şeýle gar 2006-njy ýylda ýagypdyr.Dykyzlygynyň pesligi sebäpli gar sagatda takmynan 0.9 km. tizlik bilen ýere gaçýar.Garyň üstünde ýöränimizde sesler çykýar munuň sebäbi bolsa kristallaryň döwülmegi bilen düşündirip bolar. Şeýle ses duz bilen şekeri garyp, gysamyzda hem döreýär. Bu usuly hünärmenler esasan hem teatrda we filmlerde ses bermek üçin peýdalanýarlar.Bütindünýä Gar güni her ýylyň 19-njy ýanwarynda bellenilýär.Adatça garyň diametri 5 mm. bolup, agramy takmynan 0,004 gr. deňdir.1887-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Fort Keofda (Montana, ABŞ) ýagan garyň diametri 15 dýuýma (takmynan 38 sm) deň bolupdyr.

 

Atamyrat Hojageldiýew

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara

nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

 

Noziri YHG-nyň 15-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

 

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle