TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gant şugundyry — peýdaly ekin

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagynda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda gök, bakja, ýeralma ýaly oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek bilen bir hatarda, gant şugundyrynyň ekişini döwrebap, ýokary derejede guramak boýunça degişli işler ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, öndürijilikli zähmet çekmek bilen jogap berýän oba zähmetkeşleri gant şugundyrynyň ekişini köpçülikleýin alyp barýarlar. Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi batly depginde alnyp barylýar.

Munuň üçin öňden görlen taýýarlyk işleri, ýagny ýokary hilli tohumyň, tehnikalaryň, ekiji gurallaryň ýeterlik mukdarynyň taýýarlanmagy welaýatyň kärendeçilerine, ýer eýelerine, işewür telekeçilerine ekişe irki möhletde girişmäge şert döretdi.

Häzirki wagtda ýer eýeleri bugdaýdan boşan ýerlerde ekiş geçirýärler. Aralyk ekin bolan gant şugundyry galla hasylyndan boşan ýerlere köpçülikleýin ekilýär. Onuň ekiljek ýerleri mes toprakly, toýunsow ýerler bolup, suwa amatly ýerleşmeli. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary bilen täze hasyl üçin 14 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekmek barada şertnama baglaşyldy. Paýdarlar jemgyýeti şertnama baglaşan kärendeçileri tehnika, naýbaşy tohum, mineral dökünler, ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy himiki serişdeler bilen üpjün edýär.

Adaty şugundyryň adam saglygyna hem peýdasy uludyr. Onuň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Şeýle-de onuň düzüminde B
topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň berk we deriniň oňat bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär.
Ol düzüminde saklanýan sinkiň we ýoduň mukdary boýunça gök-önümleriň
arasynda öňdäki orunda durýar. Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär. Ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar.

Kerim Akmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.

 

 

Eýfel diňi poslaýar

Ýene-de okaň

 Dessanlarda ýer-ýurt atlary

Ata Watan Eserleri

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tejribeleri öwrenmek işi

Ata Watan Eserleri

VI Hazar sammiti halkara media giňişliginde

Ata Watan Eserleri