TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Ganly Sport” filmi bilen adygan aktýor: Wan Damm

“Durmuşda iň möhüm zat, üýtgedip bilmeýän zatlaryňyzy kabul etmegi öwrenmekdir”

Žan-Klod Wan Damm.

Ýaşlyk ýyllary

Žan-Klod Kamil Fransua Wan Warenberg – 1960-njy ýylda Brýussel şäheriniň sebitindäki Berkem-Sent-Agat atly şäherçesinde dogulýar. Onuň kakasy Brýussel şäherinde dogulýar we buhgalter wezipesinde işleýär, şeýle hem onuň gül dükany bolupdyr. Ejesi – niderlandiýa dili bilen meşgullanýardy. Kakasy ogluny 10 ýaşlary döwründe karate mekdebine ýerleşdirýär we 12 ýaşyndan başlap, Klod Gets ýolbaşçylygynda öz türgenleşik işlerini alyp başlaýar. Karate sport görnüşinden başga, sportuň söweş sungatlarynyň dört görnüşi bilen meşgullanypdyr: kik-boksing, muaý-taý, kung-fu we tekwondo. Şeýle hem bäş ýyllap balet bilen meşgullanypdyr. Ýaşlyk döwründe “California Gym” atly türgenleşik toplumyny hem açypdyr.

Kino karýerasy

Wan Damm – “Yza çekilmäň we boýun bolmazlyk” atly filminde ilkinji roluny alýar. Aktýoryň adyny aýtmak kyn düşýäni üçin ol öz adyny aradan çykan dostuna bagyşlap Žan-Klod Wan Damm adyny alýar. Näçe kynçylyklardan, näçe gepleşiklerden soňra, entäk hiç kime belli däl Wan Damm, prodýuser Menahem Golanyň ofisine düşmegi başarýar. Prodýuseriň “Ganly sport” filmi üstünde iki ýyllap işledi. Bu film ilkinji gezek Malaýziýadan, Fransiýan soňra bolsa ABŞ-da görkezildi. Bütin dünýäde bu film uly üstünlige ýetirdi. Bu film Wan Damm söweş sungat aktýorynyň ýyldyzyna öwürýär. Aktýoryň filmdäki keşbi “Mortal Kombat” kompýuter oýunlarynda janlandyryldy. Şondan soňra dünýä ýüzündäki köp ýaşlar Wan Damm  nusga alyp karate gurnaklaryna gatnap başladylar we sport bolan höwesleri artyp başladylar. Ýyllar boýunça öz üstünligini artdyryp, ýokary derejeli filmlerde çykyş edip başlady. Şeýlelik bilen tiz wagtdan Silwester Stallone we Arnold Şwarsenegger ýaly ýyldyzlaryň hataryna goşuldy we tölegi 8 million dollara ýetdi.

Aktýoryň meşhurlygynyň peselmegi we gaýdyp gelmegi barada…

90-njy ýyllaryň ahyrynda söweş sungat žanry özüniň meşhurlygyny ýitirip başlaýar, Wan Dammyň aktýorlyk ukybynyň ösmegine garamazdan näçe filmlerdede keşp janlandyrsa-da, olar hem aktýora üstünlik gazandyryp bilmändirler. Emma 2008-nji ýylda çykarylan “Ž.K.W.D” filmi, 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan “Köp taraplaýyn esger”, “Köp taraplaýyn esger 3”, “Täzeden döreýiş” filmi, şol ýylda “Kung-fu panda 2” multfilmine ses beriji bolup gatnaşýar, soňra bolsa 2012-nji ýylda “Saklap bolmaýanlar” atly filmlerde çykyş edip, kino industriýasyna gaýdyp gelýär.

Sport karýerasy

Wan Damm  16 ýaşynda Belgiýanyň milli ýygyndy toparynda ýer alýar we toparyň düzüminde ýewropanyň çempiony, şeýle hem gara guşagyň eýesi bolýar. Şondan soňra dürli ýaryşlara gatnaşyp başlaýar. Wan Damm bilen Beýik Britaniýanyň çempiony bolan Maýkl Heming arasynda duşuşyk geçirildi we ol ýerde Wan Damm ýeňiş gazandy. Wan Dammyň hasabynda 22 duşuşyk bolup, olaryň 20-si arassa ýeňiş we iki duşuşygy ýeňlişe sezewar bolýar. 1980-nji ýylyň başynda Wan Damm bilen Çak Norris, öz ara duşuşyk geçirdiler.

Şahsy durmuşy

Wan Damm häzirki wagtda üç çaganyň kakasy bolup durýar. Onuň iki ogly we bir gyzy bar. Ogullarynyň atlary: Kristofer, Nikolas, gyzynyň ady bolsa Býanka.

Akýory mahabatlarynda ulanan kompaniýalar:

“Versace Jeans” kompaniýa

“Red Bull Supreme” kompaniýa

“World of Warcraft” kompaniýa

“Sony Pictures” kompaniýa

“Gillette” kompaniýa

“Volvo Trucks” kompaniýa

Aktýor barada gyzykly maglumatlar

– Belgiýada aktýora bagyşlanyp, heýkel dikildi.

– Bäş ýyl balet bilen meşgullanypdyr.

– Aktýor “Flintstones” animasion multfilmiň üsti bilen iňlis dilini öwrenipdir.

Gazanan baýraklary

“Ýaş” halkara film festiwalynyň “Altyn keýik” baýragy.

2009-njy ýylda – Kino sungatyna goşan goşandy üçin sylaglanýar.

Dünýädäki iň ýokary baýragy we Planetanyň altyn zehinleriniň altyn ordeni baýragy bilen sylaglanýar.

2010-njy ýylda – “Ýeňmek islegi, egsilmez söweş ruhy we kino pudagyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin sylaglanýar.

Žan-Klod Wan Dammyň iň gowy filmleri

“Köptaraplaýyn esger”

“Gaçmaga hiç ýer ýok”

“Köçe söweşjisi

“Ž.K.W.D”

“Saklap bolmaýanlar”

 

Golliwudda yz galdyran aktrisa – Anželina Joli

Silwester Stallone: Rembo we Rokki Size seslenýär

Morgan Frimen – Golliwudyň iň hormatlanýan aktýory

Jeki Çan – aktýor we aýdymçy

Köp baýrakly tanymal aktýor

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Teswirle