TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Gandaky süýjüniň möçberini azaltmak üçin

Gresiýanyñ Attikon adyndaky hassahanada gandaky süýjüniñ möçberini az derejä getirip biljek önümi tapdylar. Hünärmenleriñ geçiren birnäçe barlaglarynyñ netijelerine görä, gandaky süýjüniñ duýdansyz ýokarlanmagynyñ öñüni almak üçin almadan taýýarlanan sirkäni içmek maslahat berýärler. Bu ugurdaky lukmançylyk barlagyna diabetik keselli adamlar gatnaşdylar. Haçanda alma srikesini nahara goşanlarynda iýmit siňdiriş ulgamynyň işi haýallaýar, bu bolsa şekeriñ haýallyk bilen gana  siñmegine getirýär. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, alma sirkesini ulanan adamlar iýen naharyny 17% göterime golaý haýal siñdirýär we gandaky şekeriñ derejesi birden ýokarlanmaýar. Lukmanlar alma sirkesini nahara ýa-da suwa goşup ulanmagy maslahat berýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle