JEMGYÝET

Gamburgda “Margiana” sergisi

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy.

Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkemn diasporasynyň wekilleri hem-de GFR-nda okaýan türkmen talyplary bardylar.

Bu çärä gatnaşmak üçin Gamburg şäherine Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bardy.

Sergide Gadymy Marguşuň baý medeniýetini Germaniýanyň eýýam ikinji şäherinde görkezýän üç sany Türkmenistanyň döwlet muzeýlerinden – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 219 eksponat görkezildi.

Soňra muzeýiň dabaralar zalynda serginiň resmi dabaraly açylyşy geçirildi. Bu çäräniň dowamynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýiniň direktory Raýner-Mariýa Waýss, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, Gamburgyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça senatory Karsten Brozda, şeýle hem Gamburgyň Tehniki uniwersitetiniň professory Hanno Şaumburg çykyş etdiler.

Bu çykyşlarda Berlinden soňra Gamburgda we Mangeýmde 2018-2019-njy ýyllaryň dowamynda geçiriljek sergisi, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine we berkidilmegine ägirt uly goşant goşjakdygyny hem-de german jemgyýetçiligini türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrjakdygy bellenildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy gysga wagtyň içinde 385 müň tomaşaçyny toplan, Berlin ş. Täze muzeýinde 2018-nji ýylyň aprelinden sentýabr aýyna çenli geçirilen görkezilen serginiň üstünligi belledi.

Çykyşlaryň ahyrynda çäräniň gatnaşyjylarynda uly gyzyklanma döreden Türkmenistanyň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsert görkezildi.

Ýene-de okaň

Ýewro-2024: Sweýsariýa ynamly ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler

15-nji iýun: Ýewropa çempionatynda 3 duşuşyk bar

Germaniýa Ýewropa çempionatyna uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Türkmenistanda Horezmşalar döwrüne degişli altyn teňňeler tapyldy

Ata Watan Eserleri