JEMGYÝET

Galyndylardan dökün öndürýär

Görogly etrabynyň «Zaman» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Azat Uraýew mundan iki ýyla golaý wagt öň bu ýerdäki köne fermanyň jaýyny kärendesine alyp, onda biofermentatoryň gurluşygyna girişdi. Kärendeçiniň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk bileleşikleriniň howa ýagdaýlaryna durnukly ykdysady-durmuş işjeňliginiň üpjün edilmegini goldamak» atly taslamasynyň çäklerinde alyp barýan bu işi oňat netijesini berdi ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.

Ýagny, şu wagta çenli bu ýerde gurluşyk işleriniň köp bölegi berjaý edildi. Şonuň ýaly-da, biofermentatoryň birinji bölüminde bellenilen önümleri öndürmäge şert döredildi. Azat Uraýewiň aýtmagyna görä, bu ýerde esasan biokompost hem-de biogumus dökünlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Biokompost döküniniň aýratyn gymmatlylygy onuň ösümligiň islendik görnüşi üçin iň amatly iýmit maddalaryny saklaýandygydyr. Bu dökün ösümlikleriň galyndylaryndan, durmuş çykyndylaryndan, mallaryň dersinden, toprakdan emele getirilen garyndy bolup, onuň ekin, önüm üçin hiç hili zyýanly täsiri ýokdur. Gaýtam ol töweregimiziň arassa, tämiz bolmagyna kömek edýär. Meselem, agaçlardan gaçan ýapraklary ýa-da meýdanlardan ýygnalan çöp-çalamlary bu döküni taýýarlamakda ulanmak mümkin. Şeýlelikde, özüniň iýmitlik häsiýetleri boýunça biokompost beýleki ýerli dökünlerden öňe geçýär.

Şonuň ýaly-da, bu ýerde biogumus dökünini öndürmek boýunça-da işler dowam etdirilýär. Bu biokompost gurşawynda ýagyş gurçuklarynyň ýaşamagy bilen döredilýän dökün bolup, ol ekinleriň hasyllylygyna has netijeli kömegi bilen tapawutlanýar. Onuň peýdalanylan meýdanlarynda topragyň ekologiýa taýdan arassalygy ýokary bolýar. Bu biofermentatorda şeýle dökünleri öndürmek bilen birlikde, olary synagdan geçirmek boýunça hem iş alnyp barylýar.

Geçen ýyl onuň çägindäki öň ulanylmaýan, topragy agyr şorlaşan ýerde gowaça, bugdaý, şeýle hem gök, bakja ekinleri ýeti diripdir. Şu işleriň barşynda meýdançanyň topragynyň düzüminiň gowulanandygy, onuň hasyl bermäge ýaramly bolandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi şu dökünleriň ulanylmagynyň hemmetaraplaýyn netijeli bolýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler

16-njy martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa diplomatiýa forumynda çykyş etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürleri bilen duşuşdy

Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly ady dakyldy