JEMGYÝET

“Galkynyş” topary 3 million manat pul baýragy bilen sylaglandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolan, dünýä atçylyk medeniýetinde abraýly orun eýeleýän, milli buýsanjymyza we şan-şöhratymyza, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny, atlary bezemek däplerini, milli atçylyk sportuny we at üstündäki oýunlary mundan beýläk-de ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň durmuşda we sungat äleminde eýe bolan möhüm ähmiýetini giňden wasp etmek, ýaş nesilleriň arasynda bedew ata we atçylyk sportuna söýgini we gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda milli atçylyk sportuny yzygiderli esasda ösdürmäge, behişdi bedewlerimizi halkara giňişliginde hemmetaraplaýyn tanatmaga goşýan uly goşantlaryny we bu ugurda gazanýan ajaýyp üstünliklerini nazara alyp Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 3 000 000 (üç million) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Ýene-de okaň

Ilçi Demirok: Türkmenistanyň tebigy gazy 1-nji martdan Türkiýä barar

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasyna daşary ýurtdan talyp kabul synagy 60 ýurtda geçiriler

Masud Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Tährana sapary başlady

Energetika ministri Baýraktar: türkmen tebigy gazy Türkiýä gelýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Masud Pezeşkiany halkara Liderler forumyna çagyrdy