“Galkynyş” ägirt uly gaz käninden ýyllyk 200 milliard kubmetre çenli durnukly gaz akymy almaga mümkinçilikler bar. Bu görkezijä ýetmek üçin gaz känini özleşdirmegiň 7 tapgyryny hem durmuşa geçirmek zerurlygy bar. Bu barada “Türkmengaz” konserniniň hünärmeni Irina Lurýewa Dubaýdaky göçme halkara forumda eden çykyşynda habar berdi.
– Gaz känini senagat taýdan özleşdirmek tapgyry alnyp barylýar we geljekde tebigy gazyň önümçilik möçberini artdyrmak bolar. Yzygiderli tebigy gazyň möçberiniň artdyrylmagy bilen bu gaz kaniniň durnukly gaz akymyny bir ýylda 200 milliard kubmetre çenli ýetirmek bolar – diýip, Lurýewanyň çykyşyny “orient” neşiri habar berýär.
Bu halkara forumda edilen çykyşlarda “Galkynyş” käniniň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi bilen öndüriljek tebigy gazyň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasy üçin ulanyp boljakdygy, 3-nji tapgyry bolsa Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň tebigy gaz zerurlygyny üpjün etmäge şert döreder.