TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Galkynyş” gaz käni: Hytaýa goşmaça tebigy gaz ibermegiň mümkinçilikleri

Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýda 26-njy aprelde öz işine başlan halkara göçme forumynda eden çykyşynda «Galkynyş» käniniň mümkinçilikleri barada durup geçdi. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşiri habar berýär.

B.Amanowyň belleýşi ýaly, 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen we öz içine üç sany ugurdaş şahany (A, B we Ç) alýan Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi özara bähbitli transmilli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar. Bu şahalar Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça geçýär.

Hytaýda gazyň sarp edilişiniň artýandygyny belläp, «Türkmengaz» DK-nyň Başlygynyň aýtmagyna görä, öň gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Hytaýa türkmen gazynyň iberilişi dördünji şahanyň ulanyşa girizilmegi bilen ýylda 65 mlrd kub metre ýetmeli. HHR-e çenli onuň ugry Türkmenistanyň serhedinden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çägi boýunça geçer.

B.Amanowyň bellemegine görä, «Galkynyş» känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň barşynda çykarylýan tebigy gaz Türkmenistanda ulanylýar, şeýle hem Hytaýa iberilýär. Bu käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde “Petrofac”, CNPC we “Hyundai Engineering” kompaniýalary harytlyk gazy taýýarlamak boýunça ýerasty we ýerüsti ammarlar gurdular.

HHR-e ýylda goşmaça 25 mlrd kub metr gaz ibermek üçin «Galkynyş» käniniň ikinji tapgyryny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär diýip, B.Amanow belledi. Häzirki wagtda guýulary burawlap we ikinji tapgyry özleşdirip başlamak hakynda şertnamanyň şertleri boýunça gepleşikler geçirilýär.

«Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçysy öz çykyşynda halkara maýadarlarynyň ünsüni «Galkynyş» känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryna çekdi. Ol Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gazy üpjün eder.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Latwiýa Respublikasynda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti Tbilisi şäherine gider

Türkmenistanda 2-nji iýunda galla oragyna badalga berler

Teswirle