TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Galkan şekilli mäziň adenomasy nähili kesel we nähilli bejerilýär?

Ine bu soragyň jogaby Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki endoskopiýa bölüminiň uly ylmy işgäri Serdar Paltaýew tarapyndan “Saglyk” žurnalynyň Noýabr-Dekabr  2021-nji ýyldaky sanynda berilýär. Biz bu peýdaly maglumatlary Size ýetirýäris.

— Galkan şekilli mäziň adenomasy howply däl täze döremelere degişli bolup, ol mäz öýjüklerinden emele gelýär. Galkan şekilli mäziň gormonlarynyň öndürilişini kadadakydan ýokarlandyrýan bu kesel belli-belli ýagdaýlarda howply täze döremä geçip bilýär. Galkan şekilli mäziň adenomasynyň döremegine daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýy, boýun şikesleri, gipofiz mäziniň işjeňliginiň ýokarlanmagy, gormonal bozulmalar, nesilleýin meýillilik, iýmit önümlerinde ýoduň ýetmezçilik etmegi, dowamly nerw dartgynlylygy sebäp bolýar. Kesel esasan ýüregiň çalt urmagy (tahikardiýa), aritmiýa, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy (gipertoniýa), elleriň titremegi, sesiň üýtgemegi, gözleriň ýaşarmagy, üsgülewük, ukynyň, gepleýşiň, dem alşyň bozulmagy, göze goşa görünme, ýagtylykdan gorkmak, bedeniň agramynyň peselmegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar.

Näsag çalt ýadaýar, köp suw içýär we ýygy-ýygydan buşugýar, derleýär, gyjynýar. Gorky, howsala duýgulary ony ynjalykdan gaçyrýar. Bokurdak töwereginde oňaýsyzlyk duýulýar, boýnuň öňki diwary görnüşini üýtgedýär, agyrýar. Boýnuň öň tarapynda dörän adenomanyň möçberi uly bolýar.

Lukman keseli anyklamak üçin näsagyň arzyny diňleýär, boýnuň töweregini gözden geçirýär, mäzi elläp görýär (palpasiýa). Keseliň kesgidini takyk goýmak üçin galkan şekilli mäziň ultrases (USB), kompýuterli tomograýa (KT), gipofiz mäziniň magnit rezonans tomograýa (MRT) barlaglary, punksiýa biopsiýasy, radioizotop skanirlenmesi, ganyň galkan şekilli we gipfiz mäzleriniň gormonlaryna barlagy geçirilýär.

Islendik keseliň, şol sanda galkan şekilli mäziň adenomasynyň bejergisi näçe ir geçirilse, şonça-da ýokary netije berýär. Bu keseliň bejergisinde aglaba ýagdaýda hirurgiki usul ulanylýar. Operasiýadan öň gormonlaryň mukdaryny kadalaşdyrmak maksady bilen derman serişdeleri arkaly (konserwatiw) bejeriş geçirilýär. Operasiýadan soň ornuny tutujy gormonal bejergi bellenilýär. Operasiýa edip bolmaýan ýagdaýlarda konserwatiw bejeriş geçirilýär. Lukman hirurgiki bejergiden soň ýüze çykmagy mümkin bolan alamatlary (damagyň çişmegi, bokurdagyň agyrmagy) aýyrmak üçin degişli derman serişdelerini belleýär. Operasiýadan soňsyrkawyň aýry-aýry düzgünleri berjaý edip ýaşamagy hökmany şert bolup durýar.

  1. Dogry iýmitlenmeli: ýagly, gowrulan, tüssä kakadylan, juda ajy ýada şor önümleri, kofedir gazly suwlary, alkogolly içgileri çäklendirmeli. Esasan ösümlik önümleri bilen iýmitlenmeli.
  2. Bedene agram salýan agyr işleri etmeli däl.
  3. Günüň aşagynda köp durmak, gyzgyn suwly wanna Kabul etmek, bugly hammamda ýuwunmak maslahat berilmeýär.
  4. Çilim çekmekden saklanmaly. Hatda çilim çekýän adamyň ýanynda durup, çilimiň tüssesi ýaýran howadan dem almak hem zyýanlydyr.
  5. Esasy zat: lukmanyň gözegçiliginde bolup, onuň maslahaty bilen barlaglardan geçmeli, zerur bolanda bejeriş almaly

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle