TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Galaxy M51 ýakynda söwda tekjelerinde

Samsung Galaxy ýakynda M3 modelini ulanyjylara ýetirdi. Emma muňa garamazdan kompaniýa Galaxy-nyň täze M51 modelini alyjylara ýetirer. Onuň içki ýady 128 GB barabar bolup, Android 10 ulgamy esasynda işlemegine garaşylýar. Akylly telefon amatly bahadan ulanyjylara hödürlener. Samsung kompaniýasynyň ýolbaşçylary A hem-de M model boýunça öndürilýän akylly telefonlaryň eleýeter bahadan hödürlenýändigini şeýle düşündirýär.

— Bu akylly telefonlar hemme ulanyjylaryň maddy ýagdaýynyň ýetmegi üçin niýetlenen. Olar birmeňzeş ulgam bilen işleýändigine garamazdan, amatly bahadan ýetirilýär.

Hakykatdanam kompaniýanyň ýokarda ady agzalan akylly telefonlary ähli Samsung ulanjylary üçin amatly telefonlaryň hatarynda tanalýar. Olar beýleki kompaniýanyň önümlerinden has ynamdar hem-de ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle