SIZDEN GELENLER

Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar

Uruş-bu adamzat taryhynyň iň aýylganç wakalarynyň biridir. Taryha ser salanymyzda millionlarça urşuň bolandygyna göz ýetirýäris.Olaryň käbiri ykdysady maksatly uruşlar bolanam bolsa-da, aglaba bölegi gandöküşikli, basybalyjylykly uruşlar bolupdyr. Uruşlar hakynda pikir edenimizde göz öňümize esasan hem “birinji we ikinji jahan uruşlary” hakydamyza ilki gelýär. Şolaryň ikinjisi hakda durup geçenimizde bolsa, urşuň has hem gazaply bolandygy göz öňümizde janlanýar.Birinji jahan urşunda ýeňilse-de netije çykaryp bilmedik faşistik Germaniýa öziniň betniýetini ikinji sapar amala aşyrmaga synanyşýar. Emma bu sapar hem şowsuzlyga uçraýar. Emma urşuň ýetiren zyýanyny hiç zada deňäp bolmaýar. Sebäbi faşistik Germaniýa özüniň alyp baran gandöküşikli urşunyň netijesinde millionlarça adamyñ ömür tanapynyň kesilmegine getirdi. Bu bolsa öwezini dolup bolmajak ýitgidir. Şol wepat bolanlaryň arasynda öz watandaşlarymyzyň bardygy gynandyrsa-da, olaryň ýeňiş üçin, Watan üçin duşmana döş gerip,g aýduwsyzlyk bilen söweşip, şirin janlaryny gurban etmekleri buýsandyryjy ýagdaýdyr. Olaryň Watan asudalygy, Ýurt abadançylygy üçin eden gahrymançylyklaryna biz ýaşlar guwanmalydyrys, buýsanmalydyrys! Uruş weteranlary wepat bolsalar-da, halkyň aňynda we ýüreginde baky ýaşar!

Zalym, ýowuz uruş diýip

Garry, ýaş-hemme gitdi

Olaryň wepat bolmagy

Halk üçin agyr ýitgi

 

Gaýdyp gelen weteranlaryň,

At-abraýy dünýä aşar

Emma wepat bolanlar-da,

Ýüreklerde baky ýaşar

Ösüşlerden öşüşlere beslenýän ýurdumyzda  hormatly Prezidentimiziň saýasynda, weteranlara goýulýan sylag-hormat has-da artdy. Olaryň rahat ýaşamaklygy üçin ähli şertler ýola goýuldy. Biz talyp ýaşlar hem öz gezegimizde edilýän aladalara jogap edip, öz bilimimiz, ukyp-başarnygymyz bilen Watanymyzy has-da ösdürjek, gülletjek ýaşlar bolup ýetişmelidiris!

Ylham Gurbanalyýew, talyp

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti