TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşýar. Şeýle hem bu ajaýyp eserler türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Mundan başga-da, bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, rus, iňlis, dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňyýetinde uly gyzyklanma döredýär.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz halkymyza özüniň döwet galamyndan syzylyp çykan ajaýyp eserlerini sowgat edýär. Bu asylly ýörelge mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň giňden bellenilýän döwründe-de dowam etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitaby Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi. Bu neşire Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizildi.

Kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» ýaly möhüm özgertmeler maksatnamalarynda ýurdumyzyň elektrik energetika pudagyna ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň bu pudagyna ummasyz köp maýa goýumlar goýlup, iri elektrik beketleri guruldy. Şol beketlerde öndürilýän elektrik energiýasy diňe bir biziň ýurdumyzyň ojaklaryna ýagtylyk saçman, eýsem goňşy ýurtlaryň hem-de sebit döwletleriniň hem öýlerine ýagtylyk berýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm bolan bu pudaga bagyşlanan kitap diňe bir giň okyjylar köpçüligi — alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysatçy alymlar, mugallymlar we talyplar üçin gollanma bolman, eýsem daşary ýurtlaryň giň jemgyýetçiligi üçin hem peýdaly maglumat gory bolup durýar.

Sebäbi onda ýurdumyzyň energetika pudagynyň taryhy, ösüşli menzilleri hem-de geljegi giňden beýan edilýär.

Ogulmaral Ýalkapberdiýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle