SIZDEN GELENLER

Gaharjaňlyk

Bir döwürlerde erbet häsiýetli bir oglanjyk ýaşapdyr. Günlerden bir güni oňa kakasy bir halta çüý beripdir we şeýle diýipdir. Her sapar gaharyň gelip, biri bilen urşasyň gelende howlynyň bagyndaky haýata bir çüýi ur diýip tabşyrypdyr. Oglanjyk edil kakasynyň aýdanyny edip, şol güni haýata otuz ýedi sany çüýi kakypdyr. Hepdäniň dowamynda oglanjyk gaharlanmajak bolup özüne erk etmäni başaryp haýata kakýan çüýleriniň sanyny azaltdy. Gün-günden oglanjygyň kakýan çüýleriniň sany kemelip başlady. Oglanjyga gaharyny ýatyrmak, haýata çüý kakmakdan aňsat görünip başlady. Ahyr soňunda haýata hiç-hilli çüý urulmady. Bu barada oglanjyk baryp kakasyna aýtdy, onda kakasy oňa, indi oglum her gün gaharyň gelmedik wagty,  haýata urulan çüýlerden birini sogur diýidi. Oglanjyk  haýata kakylan çüýleri aýyryp bolanyndan soň, gelip kakasyna duýdurdy. Kakasy ony haýatyň ýanyna getirip şeýle diýdi: Oglum sen özüňi gowy alyp bardyň, emma haýatdaky bu deşiklere seret. Her bir çüýüň deşen ýeri hiç-haçan öňküsi ýaly bolmaz. Edil şu ýaralanan haýat ýaly, sen gaharyň gelen wagty biri bilen uruşsaň, biriniň göwnüne degseň, seniň aýdan sözleriň onuň kalbyny ýaralaýar, öz urşan adamyň kalbynda sen edil şular ýaly ýara goýaň. Soňundan näçe gezek bagyşlamagyny sorasaňda, ýara galýar. Şonuň üçin oglum dostlaryň bilen uruşma, gowünlerine degme, olar saňa diňe gülki şatlygy getirýärler. Oglum dostlaryň göwnüne degmejek bol-diýip kakasy öwüt  berdi.

 

Aýdyn Kurýazowa  

                        TOHI-niň mugallymy

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Ynsan saglygy – ýurdumyzyň baýlygy

Ýaşlaryň bilimini ösdürmekde dil biliminiň orny

Magtymguly Pyragy ýyly ösüşlere beslendi

Türkmenistan – ygtybarly halkara ykdysady hyzmatdaş

Bank ulgamynyň döwrebap ösüşleri

Saglyk – abadançylyk