TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Gago futbol bilen hoşlaşdy

Dünýä belli Argentina futbol milli ýygyndysynyň we Ispaniýanyň Şa topary hasaplanylýan “Real Madrid” toparynyň ýarymgoragçy bolan Fernando Gago, özüniň futbol karýerasyny tamamlady. 34 ýaşly futbolçy özüniň soňky wagtlarda agyr şikesleriniň birnäçesini geçirendigi sebäpli bu netijä gelendigini habar berdi.

“Professional futbol karýeramy tamamlamagy makul bildim. 15 ýyllyk futbol karýeramda yzygiderli şikesler bilen gaty gowy pursatlary we agyr günleri başdan geçirdim” diýip, Gago özüniň “Instagram” jemgyýetçilik sahypasynda belläp geçdi.

Fernando Gagonyň ilkinji çykyş eden futbol topary öz ýurdunyň “Boka Huniýors” topary bolup durýar.  Bu topar bilen Argentina futbol çempionatynyň 5 gezek çempiony bolmagy başardy. 2006-njy ýylda Ispaniýanyň “Real Madrid” futbol toparyna transfer bolýar. Şa toparyň düzüminde Ispaniýa çempionatynyň iki gezek çempion diýen adyna mynasyp boldy. Şeýle hem ýarymgoragçy, Ispaniýanyň “Walensiýa” futbol toparynda we Italiýanyň “Roma” futbol toparlarynda çykyş etdi. Argentina futbol milli ýygyndysynyň düzüminde “Olimpiada-2008” ýaryşynda, 2005-nji ýylda geçirilen ýaşlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynda altyn medalyny gazandy.

2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda ikinji orny, ýagny kümüş medala eýe boldy. Fernando Gago soňky duşuşyklaryny “Weles Sarsfild” futbol toparynda geçirdi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle