TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Gadyr gijesi mynasybetli medeni çäre geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde Gadyr gijesi mynasybetli medeni çäre geçirildi. Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Aşgabat şäheriniň ymamy Wepa Hajy hem-de pars dilini öwrenijiler gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde dürli dillere terjime edilen mukaddes Gurhan kitaplaryny, pars dilini öwrenijileriň çeken suratlarydyr «kolligrafiýa» hat-ýazuwyny özünde jemleýän sergi guraldy. Oňa gatnaşyp, tapawutlanan çagalara guramaçylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mübärek Oraza aýynyň, hususan-da Gadyr gijesiniň hatyrasyna guralan çäräniň dowamynda agyz açar sadakasy berildi. Näz-nygmatly desterhanyň başynda doga–dilegler edildi.

Ýene-de okaň

Awazada halkara tans we folklor festiwaly geçiriler

Iýun aýynyň baýramçylyklary: Gurban baýramy giňden belleniler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

1 teswir

Gocmyrat 2023-04-18 at 16:27

Siziň Gadyr gijesi mynasybetli medeni çäre geçirildi şu goýan habaryňyz doly derejede SalamNews satynda goýlan habar bilen des-deň gelýär. https://salamnews.tm/section/jemgyyet/medeniyet/gadyr-gijesi-mynasybetli-care-gecirildi-27750a

Olardaky täzelikleri okap, siziň täzelikleriňizi okamaga girdim. Şol bir zatlar okyjylaryňyzy ýadatýar. Dogrymy aýdanym üçin belki gaharyňyz gelip biler.

Teswirle