JEMGYÝET

“Gadymy” atly mele at – 2024-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy.

Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimize ajaýyp bedewler sowgat berildi.

Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de täze şäheriň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanak sowgat berildi hem-de hormatly Prezidentimizden bu taýa at dakyp bermegi haýyş edildi. Arkadag şäherine wekilçilik edýän oglanjyk özüniň şatlygyny we hormatly Prezidentimize bolan çuňňur hoşallygyny goşgy setirleriň üsti bilen beýan etdi.

Syn ediş meýdançasyna Karar we Gülgetir bedewleriniň neslinden bolan, şöhratly Ýeliň ugruna degişli taýçanak çykaryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan bu taýçanaga «Ylham» diýip at goýdy.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerip, täze doglan «Ylham» atly taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulgerek enäniň taýýarlan alajasyny dakdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam edýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Bekbaýewa «Türkmen bedew aty Toýly» atly haly eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Annaýewe «Milli mirasymyz» atly at şaý-sep toplumy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy A.Atahanowa «Toýly gün» atly nakgaş eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby K.Soltanowa «At gazanan goç ýigidiň, owwal bedew aty gerek» atly heýkel eseri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby N.Ýolamanowa «Behişdi bedewler» atly foto işleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň telekinooperatorçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby W.Myşşyýewe «Şöhraty dünýä dolan bedew» atly wideo şekili üçin baýraklar gowşuryldy.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2024-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2017-nji ýylda doglan Gadymgala we Dürli diýen atlaryň neslinden bolan, meşhur Fakirpälwanyň ugruna degişli «Gadymy» atly mele at mynasyp boldy.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy — «Toyota Highlander» kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli özüne sowgat berlen behişdi bedewleri Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna hem-de talyp ýaşlaryna gowşurýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz akademiýanyň ähli işgärlerine «At arkasy gutly bolsun!» diýdi we halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde olara üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna hem-de Arkadag şäheriniň atşynaslaryna täze şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.

Irki döwürlerden bäri türkmeniň ahalteke bedewleri özleriniň gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýedir. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň aýratyn sarpa goýýan milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Jo Baýden prezidentlige dalaşgärlikden ýüz öwürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanda saparda bolar

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 24-nji sentýabrda geçiriler