JEMGYÝET

Gadymy Amul galasyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler

«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara hyzmatdaşlyk has-da berkidilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25-26-njy aprelinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guralar.

Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy maslahatyň esasy maksady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, olary halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr. Maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, ýaş alymlaryň, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri