Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň braziliýaly hüjümçisi Gabriel Žezus “Arsenal” toparyna geçdi.
London toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, hüjümçi bilen uzakmöhletli şertnama baglaşyldy. Şertnamanyň möhleti beýan edildi. Žezus “Arsenal” toparynda 9 belgili köýnekçede çykyş eder.
Angliýanyň “Premýer Liga” çempionatynyň güýçli toparlaryndan “Arsenal” bu hüjümçi üçin 45 million funt-sterling töledi we onuň bilen 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.
Gabriel Žezus “Mançester Siti” toparynyň düzüminde 2016-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Ol bu topar bilen 4 gezek çempion bolup, 4 gezek hem Liganyň kubogyny gazandy. Angliýanyň Superkubogynyň 2 gezek eýesi bolmagy başardy.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy