TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Futboldaky täze transfer habarlary…

Hames Rodrigez

Angliýanyň Premýer ligasynyň toparlaryndan “Ewerton” Hames Rodrigesi transfer edip biler. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär. Kolumbiýaly ökde futbolçy “Real Madridiň” ýyldyz oýunçysynyň transferini hepdäniň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýändigi mälim edildi. Bu transfer takmynan 20 million ýewro töweregi amala aşyryljakdygy nygtaldy. Häzirki wagtda “Ewerton” toparyna tälim berýän tälimçi Karlo Ançelottiniň 29 ýaşly Hames Rodrigesi “Real Madrid” we “Bawariýa” toparlarynda işlän döwründen bäri tanaýar. Kolumbiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Hames Rodriges 76 oýna çykyp, 22 gezek tapawutlanmagy başardy.

Luis Suarez

“Barselonanyň” hüjümçisi Luis Suarez Italiýanyň Turin şäheriniň “Ýuwentus” topary bilen şertnama baglaşyp biler. “Ýuwentus” topary 33 ýaşly urugwaýly oýunçy bilen ýylda 10 million ýewro we bonuslar bilen bilelikde üç ýyllyk şertnama baglaşmaga taýýardygyny nygtady. Italiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlaryna görä, “Ýuwentus” bilen hüjümçiniň arasyndaky gepleşikler ýokary derejede alnyp barylýar. “Barselona” hem öz hüjümçisi bilen ýakyn wagtda hoşlaşmak isleýändigini belledi. Toparyň baş tälimçisi Ronald Kuman öz taslamasynda Suarezi görmeýängini aýtdy. Geçen möwsümde Suarez toparyň düzümine 36 duşuşykda oýnap, 12 gezek ýardam pasyny we 21 gezek tapawutlanmagy başardy. Hüjümçi bilen Fransiýanyň “PSŽ” hem-de Niderlandlaryň “Aýaks” toparlary hem ýakyndan gyzyklanýar.

Alekseý Mirançuk

Russiýanyň “Lokomotiw” toparynyň ýarymgoragçysy Alekseý Mirançuk Italiýanyň geçen möwsümde şowly çykyş eden, Çempionlar ligasyndaky üstünligi bilen köpleriň ünsüni çeken “Atalanta” topary bilen ylalaşygyň gazanylandygyny mälim etdi. Bu transfer oýunçynyň lukmançylyk barlagyndan geçenden soň tamamlanar. Italiýa kluby bu transfer üçin 14,5 million ýewro tölejekdigi we 24 ýaşly oýunçy bilen” 5 ýyllyk şertnama baglaşjakdygy habar berildi. Mirançuk “Lokomotiw” toparynyň akademiýasynyň uçurymy. Bu futbolçy “Lokomotiw” toparynyň düzüminde dokuz möwsümde 228 duşuşykda oýnap, 45 gezek ýardam pasyny we 43 gezek tapawutlanmagy başardy. Ol bu toparyň köýnekçesinde Russiýanyň çempiony, ýurduň kubogyny üç gezek we bir gezek ýurduň Super kubogyny gazandy.

 

 

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle