TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Futbolda adamyň ýaşy zehiniň açylmagyna päsgel berip bilmez

Aslynda, häzirki döwürde futbol dünýäsindäki ýyldyz oýunçylaryň hemmesi ýaş wagtyndan öz zehini bilen beýlekilerden saýlanyp bilmändi. Biz, bu makalada olaryň käbiri barada ýatlap geçmekçi.

Jeými Wardi

Hüjümçi 28 ýaşa çenli gaty bir tanalmandyr we üýtgeşik üstünlige-de eýe bolmandyr.  Emma “Lester Sitiniň” düzüminde geçiren, hemmeleri haýran galdyran “ajaýyp”, çempionlyk möwsüminden soňra ol iňlis futbolunyň tanymal hüjümçileriniň biri boldy.

Diego Milito

Milito 30 ýaşynda ilkinji gezek meşhur toparda çykyş edip gördi. Ol şonda Žoze Mourinýonyň “Interinde” çykyş edip başlapdy. Munuň netijesi hem şowly boldy, ol Italiýanyň çempionatynda iň ezber hüjümçi boldy. Galyberse-de Diegonyň geçiren iki goly “Intere” Çempionlar Ligasynda köp garaşylan ýeňşi getirdi.

Karim Benzema

Özüniň 34 ýaşdadygna (futbol karýerasy üçin bu ýaş – iň soňky tapgyra degişli!)seretmezden “Altyn Top” baýragy üçin iň esasy dalaşgär bolup durýar we özüniň bu möwsümki ajaýyp gollary bilen “Reala” oýun yzyna oýunlarda üstünlik getirýär. Oňa beýle üstünlige ýetmek, elbetde, topardan Ronaldonyň gitmeginden soň başartdy.

Diego Forlan

Özüniň karýerasynyň iň çür depesine Forlan 2010-njy ýylda ýetdi(31 ýaşynda). Şol ýyl hüjümçi “Atletiko Madrid” bilen Ýewropa Ligasynda ýeňiji bolupdy we GAR-da geçirilen Dünýä Çempionatynyň “iň gowy oýunçysy” diýlip saýlanypdy.

Luka Modriç

Horwatiýaly ýarymgoragçy aslynda, “Tottenhemde” çykyş edýärkä tanymallyga ýetipdi. Emma onuň dolulygna zehininiň açylmagy we üstünlikli karýerasynyň iň beýgine çykyşy “Realda” bolup geçdi. 2018-nji ýyldaky “Altyn  Top” hem muňa şaýatlyk edý    är.

Luka Toni

Toni 29 ýaşynda Serie A-da iň ezber hüjümçi bolupdy, emma mundan birki ýyl ozal hem ol Serie B-de çykyş edýärdi. Dünýä Çempiony özüniň ajaýyp üstünliklerine 30 ýaşyndan soňra ýetmegi başarypdy.

Antonio Di Natale

32 ýaşyna çenli Di Natale özüni häzirki meşhurlygna ýetirjek üstünlikleri gazanmandy. Emma onuň birden zehini açylyp, oňa iki gezek Italiýada iň ezber hüjümçi bolmagna getirdi.

Andrea Pirlo

Meşhur ýarymgoragçy 32 ýaşyna çenli “Milanda” birnäçe üstünlik gazanypdy. Emma ol, garaşylmadyk ýagdaýda Italiýanyň başga bir meşhur topary “Ýuwentusa” geçdi we ajaýyp oýun görkezmäge başlady. Onuň oýunda netijeliligi artdy, tutuş toparyň oýny ýarymgoragçynyň zehinine görä gurnaldy.

Serdar Muhamow, sport synçysy

Günorta Koreýanyň 6G meýilnamasy

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle