TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Futbol täzelikleri…

Dünýä belli derwezeban täzeden futbola gaýdyp geldi. Germaniýanyň soňky ýyllarda ýetişdiren iň güýçli derwezebanlaryndan biri bolan Noýer bolsa täze üstünligini gazandy.

Manuel Noýeriň nobatdaky üstünligi

Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyr duşuşyklarynda “Bawariýa” futbol topary öz meýdançasynda “Atletiko Madrid” futbol toparyny kabul etdi. Duşuşyk 4:0 hasaby bilen “Bawariýa” futbol topary ýeňiş gazandy. Toparynyň derwezeИany Manuel Noýer bu duşuşykda öz derwezesini gol geçirtmedi. Bular ýaly görkeziji Noýeriň futbol karýerasynda 200-nji duşuşygy boldy. Bu babatda Noýer, Zepp Maýeri (199) geçip, “Bawariýa” futbol toparynyň taryhynda öz derwezesini gol geçirtmän gelýän derwezebanlaryň arasynda ikinji orna geçmegi başardy. Birinji orny bolsa 247 duşuşykda gol geçirtmän gelen Oliwer Kan eýeleýär. Häzirki netijesine ýetmek üçin Noýere 394 duşuşyk gerek boldy.

Petr Çeh gaýdyp geldi

38 ýaşly çehiýaly derwezeban Petr Çeh, Angliýanyň Premýer ligasynda “Çelsi” futbol toparynyň düzüminde çykyş eder diýip habar berilýär. Mundan ozal, Petr Çeh özüniň futbol karýerasyny 2018/2019 futbol möwsüminde tamamlady. Çeh özüniň futbol karýerasynyň köp bölegini, ýagny 2004-nji ýyldan başlap, 2015-nji ýyla çenli “Çelsi” toparynda çykyş etdi. Petr Çehdan başga-da ýene-de üç sany derwezeban: Kepa Arrisabalaga, Willi Kabalero we täzelikde transfer edilen derwezeban Eduar Mendi topary üçin çykyş eder. Petr Çeh özüniň futbol karýerasynda “Çelsi” topary bilen 4 gezek Premýer-liga kubogyny, bir  gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, umumylykda bolsa 15 gezek kubok gazanmagy başardy. Häzirki wagtda Premýer-ligada “Çelsi” topary 8-nji oruny eýeleýär.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle