TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Futbol täzelikleri: Sadio Mane üçin teklip, Berdiýew tälimçilige dolanmakçy

Dünýäniñ, planetanyñ güýçli topary bolan “Real Madrid” topary “Liwerpulyñ” oýunçysy Sadio Manenyñ wekillerini resmi däl ýagdaýda gepleşige çagyrdy. “Real Madrid” topary oýunçyny öz düzümine goşmak isleýär. Bu oýunçy üçin “Liwerpula” 172 million ýewro teklip edilmegine garaşylýar. Eger-de transfer amala aşan ýagdaýynda “Liwerpul” topary  “PSŽ” toparynyñ zehinli hüjümçisi Killian Mbappeny öz düzümine goşmak üçin synanşar. Mbappeniñ transfer hakynda gyşda hem gürleşilipdir. “Liwerpul” hemaýat hökmünde “Nike” kompaniýasy bilen ylalaşyga gelipdi. “Transfermarket” saýtynyñ habar bermegine göra, häzirki wagtda Mbappe dünýäniñ iñ gymmat oýunçysy hasaplanýar. Onuñ transfer bahasy 180 million ýewro barabardyr.

***

67 ýaşly tejribeli hünärmen Gurban Berdiýew öz tälimçilik ýoluna täzeden başlap biler. Dünýäni haýrana salan asly türkmen bolan tejribeli tälimçi soñky ýarym ýylynda Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde, tälimçilik ýolunda işlemeginiñ mümkindigini hakynda birnäçe duşuşyklar geçirdi. Berdiýew Gurban Bekiýewiç 2001-2013-nji ýyllar aralygynda “Rubin” toparynyñ tälimçisi boldy. Soñra “Rostow” toparynda wagtlaýyn tälimçisi boldy. Soňra 2017-nji ýylda ýene “Rubin” toparyna dolanyp geldi. Gurban Berdiýew UEFA Çempionlar ligasynda dünýäniñ ady belli “Barselona” toparyny “Nou Camp” stadionynda ýeñmegi başaran türkmen tälimçisidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Dünýä çempionatyny rus teleýaýlymdan görmek bolar

Çempionlar ligasy: “Barselona” ýeňildi

Teswirle