TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Futbol täzelikleri: Ronaldo bilen Messi öz sebitiň iň gowulary

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasyna (IFFHS) görä soňky 10 ýylda Ýewropanyň iň gowy oýunçylaryň sanawyny yglan etdi. Bu sanawa 2011-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli UEFA guramasynyň Ýewropa ýurtlaryň iň gowy futbolçylary gatnaşdylar. Soňky 10 ýylyň “Ýewropanyň iň gowy oýunçysy” adyna “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo mynasyp boldy. Şeýle hem Ronaldonyň “Real Madrid” toparynda gazanan üstünlikleri hem göz öňüne tutulypdyr. Ikinji orny “Real Madrid” toparynyň goragçysy hem kapitany Serhio Ramos eýeledi. Üçünji orna bolsa “Bawariýa” toparynyň we Germaniýa futbol milli ýygyndysynyň derwezebany Manuel Noýer mynasyp boldy.

Şeýle hem bu federasiýa soňky 10 ýylda Günorta Amerika sebitiniň iň gowy oýunçylarynyň sanawyny hem tanyşdyrdy. Bu sanawa hem 2011-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli KONMEBOL guramasynyň agza ýurtlarynyň iň gowy oýunçylary gatnaşdylar. Sanawda birinji orny “Barselona” toparynyň hüjümçisi, kapitany Lionel Messi eýeledi. Ikinji orunda “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Neýmar ýerleşdi. Üçünji orna öňki “Barselona” toparynyň goragçysy, häzirki wagtda “San-Paolo” toparynda çykyş edýän Dani Alwes mynasyp boldy.

****************

Italiýa kubogynyň ýarym final duşuşygynyň ilkinji oýnunda “Inter” topary bilen “Ýuwentus” toparlary garşylaşdylar. Duşuşykda portugaliýaly ýyldyz futbolçy Ronaldonyň geçiren iki goly bilen myhmanlar ýeňiş gazandy. “Opta Sports” kompaniýasynyň habar bermegine görä, geçirilen şol duşuşykda, 1978-nji ýylda doglan meşhur derwezenan Janluiji Buffon özüniň karýerasynda 1100-nji duşuşygyny geçiripdir. 43 ýaşly derwezeban “Ýuwentus” toparynda 679 duşuşykr, “Parma” toparynda 220 duşuşyk, “PSŽ” toparynda 25 duşuşyk, Italiýanyň futbol milli ýygyndysynda 176 duşuşyk geçiripdir.

***************

“Arsenal” toparynyň ýarymgoragçysy Ensli Meýtlend Naýls, indi özüniň karýerasyny “West Bromwiç” toparynda kärende hökmünde dowam eder. Bu barada “West Bromwiç” toparynyň resmi saýty habar berýär. Oýunçy täze topar bilen şertnamasyny şu möwsümiň ahyrynda çenli baglaşdy. Angliýanyň Premýer liga çempionatynda Ensli Meýtlend Naýls jemi 64 oýunda çykyş etdi.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Futbol transfer bazarynyň bahasy 6,6 milliard dollar

Ronaldo kuboksyz galdy

Messi “PSŽ” toparynda galar

Teswirle