TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Futbol täzelikleri: “Liwerpulyň” öňküligi ýok

Futbol boýunça öňdebaryjy çempionatlarda diýseň garaşylmadyk netijeler bolup geçdi. Umuman aýdanymyzda köp gola baý boldy. Biz bolsa okyjylarymyzy geçen hepde geçirilen esasy duşuşyklaryň netijeleri bilen tanyşdyrmagymyzy makul  bildik.

Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynyň merkezi duşuşyklary:

Mançester Ýunaýted 3:3 Ewerton”

Edinson Kawani 24’           Abdula Dukure 49’

Bruno Fernandeş 45’            James Rodrigez 52’

Skott Mak Tomineý 70’            Kalwert-Lewin 90+5’

“Old Trafford” stadionynda “Mançester Ýunaýted” topary “Ewerton” toparyny kabul etdi. Oýunda ýer eýeler örän gowy oýny görkezmegi başardy. Myhmanlar hem garşylykly netijeli hüjümleri geçirip, garşydaşynyň yzyndan ýetmegi başardy. Çempionatda häzirki wagtda “Mançester Ýunaýted” topary ikinji orny eýeleýär.

Wulwerhempton 0:0 Lester Siti”

Çempionatda üçünji orunda barýan “Lester Siti” topary myhmançylykda “Wulwerhempton” topary bilen duşuşdylar. Iki topar hem yzygiderli howply hüjümleri ýerine ýetirdiler. Netijede duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

Liwerpul 1:4 Mançester Siti”

Mohamed Salah 63’ (P)         Gündogan 49’, 73’

Sterling 76’

Fil Foden 83’

“Liwerpul” topary häzirki wagtda çempionatda birinji orunda barýan “Mançester Siti” topary bilen garşy garşa geldiler. Birinji ýarymda Ilkaý Gündogan 11 metrlik jerime urgusyndan hem dürs peýdalanyp bilmedi. Emma Gündogan öz ýalňyşyny düzetdi. Bu duşuşykda ol iki gol geçirmegi başardy. Bu ýerde hem “Liwerpul” toparynyň derwezebany Bekeriň goýberen ýalňyşlygy hem belläp bileris. Bu netije bilen “Mançester Siti” topary çempionatda has hem ynamly birinji orunda saklanmaga uly goldaw boldy.

***

Italiýanyň “Seriýa A” çempionatynyň merkezi duşuşyklary:

Fiorentina 0:2 Inter”

Nikolo Barella 31’

Iwan Perişiç 52’

“Fiorentina” topary ýaňy-ýakynda düzümine “Spartak Moskwa” toparynyň hüjümçisi Kokorini transfer hem edipdi. Emma bu oýunçy toparyna kömek edip bilmedi. Myhmanlar duşuşykda ýeňmegi başardylar.

Ýuwentus 2:0 Roma”

Ronaldo 13’

Ibanez 69’ (Ö.d)

Bu ýerde “Ýuwentus” toparynyň maksady ýeňiş gazanmakdy we ol hem üstünlikli amala aşyryldy. Indi bu toparyň çempionatdaky esasy maksady birinji orunda ýerleşýän toparyň yzyndan ýetmek bolup durýar.

“Milan 4:0 Krotone”

Ibrahimowiç  30’, 64’

Ante Rebiç 69’, 70’

Çempionatda birinji orny eýeleýän “Milan” futbol topary “Krotone” toparyny kabul etdi. Geçirilen duşuşykda “Milan” toparyny uly hasap bilen ýeňiş gazandy.

***

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynyň merkezi duşuşyklary:

Ueska 1:2 Real Madrid”

Hawi Galan 48’       Rafael Waran 55’, 84’

Ispaniýanyň Şa topary hasaplanylýan “Real Madrid” topary çempionatyň 22-nji tapgyrynda hem ýeňiş gazanmagy başardy. Bu gezek toparyň düzüminde hüjümçiler ýa-da ýarymgoragçylar tapawutlanman, merkezi goragçy tapawutlanmagy başardy. Rafael Waranyň geçiren iki goly topara ýeňiş gazandyrdy.

“Real Betis 2:3 Barselona”

Borha Iglesias 38’      Lionel Messi 59’

Wiktor Ruis 75’      Wiktor Ruis 68’ (Ö.d)

Fransisko Trinkao 87’

“Real Betis” topary “Barselona” topary üçin örän agyr garşydaş hasaplanylýar. Sebäbi “Real Betis” topary öz meýdançasynda isle “Barselona”, isle “Real Madrid” topary bolsun boldugyndan ýeňiş gazanmaga çalyşýar. Bu oýunda bolsa gynansak-da ýer eýeleri ýeňlişe sezewar boldular. Hat-da birnäçe pursatlarda hasapda öňe geçmegi hem başarypdylar.

Atletiko Madrid Selta

Çempionatda birinji orny eýeleýän Simeonanyň topary bu gün özüniň nobatdaky duşuşygyny geçirer.

***

Fransiýanyň “Liga 1” çempionatynyň merkezi duşuşyklary:

Marsel 0:2 PSŽ”

                                  Mbappe 9’

Ikardi 24’

“PSŽ” futbol topary myhmançylykda “Marsel” topary bilen garşylaşdylar. Bu oýunda hemme zat birinji ýarymda çözüldi diýsek hem bolar. Duşuşygyň 90-njy minutynda ýer eýeleriniň düzüminde çykyş edýän Dmitri Paýet eminden gyzyl petek alyp meýdançany terk etdi.

“Nim 3:4 Monako”

Lukas Deo 23’            Aleksandr Golowin 3’, 12’, 62’

Zinedin Ferhat 32’       Kewin Wolland 77’

Niklas Eliasson 81’

Bu duşuşyk hakykatdanam gola baý boldy. Sebäbi iki topar yzygiderli garşylykly hüjümleri geçirdi. Geçirilen hüjümleriň soňy bolsa gol bardy. Russiýaly ýarymgoragçy Golowin üç gol geçirip, het-trik etmegi başardy. Bu oýunçy özüniň tejribesini artdyryp, öňdebaryjy toparlara gyzyklanma döredýär.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle