TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Fuat Oktaý türkmen halkynyň milli Liderine gynanç bildirdi

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny iberdi.
Onda hususan-da şeýle diýilýär:

Siziň käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Goý, käbäňiz hakyndaky ýagty ýatlamalar Siziň Alyhezretiňize medet bersin! Merhumyň jaýy jennet bolsun! Beýik Biribardan Size we Siziň maşgalaňyza hem-de tutuş türkmen halkyna sabyr-takat dileg edýärin.

Ýene-de okaň

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Wise-premýer M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa iş saparyny amala aşyrýar

Teswirle