TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Fransiýada täze hökümet düzüldi

Fransiýada täze hökümet düzüldi. Ýurduň ozalky Premýer-ministri Eduard Filippiň şäher häkimligine dalaşgär bolup, saýlawlarda ýeňiş gazanmagyndan soňra hökümet başlyklygyndan ýüz öwürdi. Ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron Eduard Filippiň meýletin wezipesinden gitmek baradaky ýüz tutmasyny kabul edip, ýurduň Premýer-ministri wezipesine Žan Kesteks bellendi.

Ol hem täze hökümeti düzdi. Täze hökümetiň düzüminde ozalky Döwlet hereketi we maliýe ministri Gerald Darmanen2018-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Fransiýanyň içeri işler ministri wezipesinde işlän Kristof Kastaneriň ornuna geçdi.

Žan-Iw Le Drian Fransiýanyň täze hökümetinde daşary işler ministri wezipesine bellendi. Bruno Le Mer ykdysadyýet we maliýe ministri hökmünde hökümetde galdy. Adalat ministri wezipesine tanymal aklawçy Erik Dupont-Moretti bellendi.  Rozlin Baçelot Medeniýet ministri boldy. Roksana Marasinyanu sport ministri wezipesine bellendi.  Julien Denormandi Oba hojalygy ministrligine ýolbaşçylyk eder. Gabriel Attal hökümetiň metbugat sekretary wezipesine bellendi.

Umuman alanyňda, premýer-ministr Žan Kasteksiň ýolbaşçylygynda 16 ministr we 14 wise-ministr  bar. Prezident Makronyň belleýişi ýaly hökümetde gender deňligi saklanyp galdy.

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle