TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Fransiýa sanjyma başlaýar

Ýewropa derman serişdeleri gullugy (EMA) sanjymlary tassyklamak işini tamamlandan soň, şu aýyň ahyrynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna sanjym edilip başlanar diýip, Fransiýanyň Premýer-ministri Žan Kasteks belledi. Ýurduň Premýer-ministri Kasteks 100 million adama niýetlenen 200 million doza sanjym sargyt edendiklerini aýdyp geçdi. Bu sanjymlar üç tapgyrda amala aşyrylar.

Birinji tapgyrda: 1 million sany uly ýaşly adamlara sanjym ederler. Bu bolsa 6-8 hepde aralyk wagt alar.

Ikinji tapgyrda: töwekgelçilik toparyndan 14 million sany adama sanjym ediler.

Üçünji tapgyrda: ilatyň galan bölegi ýaz paslynyň ahyrynda sanjym ediler we 21 günüň dowamynda bir adama iki doza sanjym beriler diýip, Fransiýanyň Premýer-ministri Kasteks belläp geçýär. Şeýle hem Kasteks, bu ýokanç keseli bilen galtaşan adamlaryň öýlerine saglygy goraýyş işgärleri baryp, olara sanjym ediler diýip, aýtdy. Premýer-ministr Kasteks: “Sanjymlaryň başlamagy epidemiýanyň gutarandygyny aňlatmaýar” diýip, özüňi goraýyş düzgünlerini berjaý etmelidigini hem ýatlatdy.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

“Green Card” 2024: Resminamalary kabul edişlik başlady

Baş Redaktor

Aşgabat-Stambul-Türkmenbaşy ugruna ilkinji adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar

Baş Redaktor

Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahalary

Teswirle