JEMGYÝET

Fransiýa çempion!!!

Russiýa Federasiýasynda 1 aýlap dowam eden futbol baýramçylygy tamamlandy. Futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Fransiýa bilen Horwatiýanyň ýygyndylary bäsleşdiler. Oýnuň netijesi boýunça 20 ýyl mundan ozal, çempion bolan Fransiýa ýene-de Baş kubogyň eýe boldy. Fransiýaly futbolçylar, Horwatiýanyň ýygyndysynyň derwezesinden 4 pökgi geçirdi. Horwatiýa bolsa 2 pökgi bilen garşylyk görkezdi. Şeýlelikde çekeleşikli hem-de örän gyzykly geçen duşuşyk 4:2 hasabynda Fransiýanyň peýdasyna tamamlandy.

1998-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda çempion bolan Didýe Deşam 20 ýyldan soňra Fransiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi hökmünde bu abraýa eýe boldy. Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki “LuŽniki” stadionynda geçirilen final duşuşygyna Russiýanyň Prezidenti Waldimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Horwatiýanyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç, FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino we beýleki döwlet işgärleri tomaşa etdiler.

60 ÝYLDAN SOÑ

60 ýyldan soňra dünýä çempionatynyň final duşuşygynda 90 minutyň dowamynda 6 gol geçirilipdir. Russiýadaky çempionatyň finaly bu hasap bilen taryha girdi. Orän çekeleşikli geçen duşuşykda oýnuň 18-nji minutynda horwatiýaly Manjukiç öz derwezesine pökgini gönükdirdi. Şondan 10 minut geçenden soňra 28-nji minutda horwatiýaly Iwan Perişiç hasaby deňledi. 38-nji minutda Horwatiýanyň derwezesine 11 metrlik jerime urgusy berildi. Ony fransiýaly Antuan Grizman dürs ýerine ýetirdi. Oýnuň birinji ýarymy Fransiýanyň 2:1 üstünligi bilen tamamlandy.

Ikinji ýarymynda 59-nji minutda Pol Pogba we 65-nji minutda Kilian Mbappeniň geçiren gollary bilen Fransiýa hasaby 4-e ýetirdi. 69-njy minutda horwatiýaly Manjukiç hasaby 4:2-e ýetirdi. Şondan soňra ýygyndylara gol geçirtmek başartmady we Fransiýa özüniň 2-nji çempionlygyny eýeledi.

Mundna ozal, 1958-nji ýylda Şwesiýada geçirilen dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Braziliýa Şwesiýanyň ýygyndysyny 5:2 hasabynda utupdy.

ÝAGŞYÑ AŞAGYNDA KUBOK GOWŞURYLDY

Duşuşykdan soňra ýeňijilere baýraklary gowşuryldy. Stadionynyň içinde ýörite baýrak gowşurylyş ýeri üpjün edildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy başlandan soňra Moskwada güýçli ýagyş başlady. Ýagşa garamazdan, fransuzlar öz ýeňşini baş kubok bilen arşa göterdiler.

Ilki bilen çempionatynyň iň gowylaryna baýraklary gowşuryldy:

– Çempionatyň iň ýaş futbolçysy  – Fransiýanyň ýygyndysyndan Kilian Mbappe (19 ýaş)

– Çempionatyň iň gowy futbolçysy – Horwatiýanyň ýygyndysyndan Luka Modriç.

– Çempionatynyň iň gowy derwezebany – Belgiýanyň ýygyndysyndan Timo Kurtua.

– Çempionatynyň iň köp pökgi geçiren futbolçysy – Angliýanyň ýygyndysyndan Garri Keýn (6 gol).

Soňra Horwatiýa we yzyndan Fransiýa medallary aldy. Çempionatyň bürünç medalyna Belgiýa mynasyp boldy. Olar Angliýanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda utdy.

Russiýadaky dünýä çempionatynda 169 pökgi tora girizildi. Bu görkeziji 1998-nji ýylda Fransiýadaky (171 gol) we 2014-nji ýylda Braziliýadaky (171 gol) çempionatdan soňra köp tapawutlanylan üçünji çempionat boldy.

 

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal

Ýene-de okaň

Kuraş-2023: Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň 5-nji altyn medalyny Daýanç Omirow gazandy

Kuraş-2023: Sabina Kadyrowa altyn medal gazandy

“Süýji gün” – süýji günlerde

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen ABŞ ekologiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Kuraş-2023: Türkmenistan 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri