TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Formula” ýaryşynyň senenamasy

Çempionat  Awstriýanyň “Şpilberg” şäherinde başlaýar, bu ýerde 3-5-nji iýul aralygynda, şeýle hem 10-12-nji iýul aralygynda birbada iki tapgyr geçiriler. Soňra ýaryş 17-nji iýuldan 19-njy iýul aralygynda Wengriýanyň “Hungaroring” şäherinde, soňra Angliýanyň “Silwerstone” şäherinde geçiriler. Bu ýaryş hem 31-nji iýuldan 2-nji awgusta we 7-nji awgustdan 9-njy awgust aralygynda iki tapgyrdan ybarat bolar. 14-16-njy awgust aralygynda Ispaniýanyň “Barselona” şäherinde altynjy tapgyr, 28-den 30-a çenli Belgiýada ýedinji tapgyr geçiriler. Ahyrynda sekizinji tapgyr Italiýada guralar. Bu ýaryş 4-6-njy sentýabr aralygynda geçiriler.

Geljekki hepdelerde ýene bir senenamanyň çap edilmegine garaşylýar. “Formula 2” we “Formula 3” tapgyrlarynyň şol bir senede geçiriljekdiklerini belleýärler.

“Formula 1-de” möwsümiň ýaryşlarynyň senesi hem entek doly kesgitlenmedi.

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle