TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Ford” önümçiligini ýokarlandyrýar

“Ford Motors” kompaniýasy, ABŞ-daky zawodlarynda önümçiligini 6-njy iýuldan başlap, ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

“Covid-19” pandemiýasy tarapyndan talap edilýän adatdan daşary çärelere laýyklykda, mart aýynyň ahyrynda “Ford” ABŞ-da önümçiligi togtatdy.

18-nji maýdan başlap, ABŞ-daky zawodlarynda önümçilige ugrukdyran “Ford Motors” kompaniýasy şondan bäri önümçiligi kem-kemden artdyrýar.

ABŞ-nyň Detroýt şäherinde ýerleşýän awtoulag öndürijisi “Ford Motors” we “Volkswagen AG” kompaniýalary bilelikde üç dürli elektrik modeliniň bilelikdäki önümçiligi barada şertnama baglaşandyklaryny habar berildi.

Şoňa laýyklykda bu iki kompaniýa jemi sekiz million üç modeli, “Ford” we “Volkswagen” tarapyndan işlenip düzülen iki sany awtoulag modeli we “Ford” tarapyndan işlenip düzülen pikap modelini öndürer.

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle