JEMGYÝET

Forbes: iň baý zenan aýdymçy…

“Forbes” Žurnaly amerikaly aýdymçy zenan Riannany Ýer ýüzündäki zenan aýdymçylaryň arasynda iň gurplusy diýip ygaln etdi. Dünýä metbugatynda ýazylmagyna görä, onuň baýlygy 600 million dollara ýetýär. Hatda Madonna, Selin Dion, Beýonse ýaly ýyldyzlar hem Riannadan yza galdy.

Aýdylyşyna görä, aýdymçynyň esasy girdejisi “LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton” halkara kompaniýalar toplumy bilen hyzmatdaşlykdan gelýär. Mundan daşary, ol “Fenty Beauty” kosmetika brendiniň hem esasy mahabatlandyryjysy.

Onuň girdejileriniň arasynda konsertlerdir aýdym-saz toplumlaryndan gelýän serişdeler hem bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz neşirini döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge taýýar