Amerikaly işewür we milliarder Ilon Mask dünýäniň iň baý işewürleriniň sanawynda birinjilik ornuny ýitirdi. Sanawda birinji orny Fransiýanyň “LVMH” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bernar Arno we onuň maşgalasy eýeledi. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.
Fransiýanyň “LVMH” kompaniýasy dürli kaşaň önümleri bilen meşhurdyr. Kompaniýa “Louis Vuitton”, “Givenchy”, “Guerlain”, “Kenzo”, “Moet & Chandon”, “Hennessy” ýaly brendleri bilen tanalýar. Kompaniýanyň merkezi binasy Pariž şäherinde ýerleşýär.
Amerikanyň meşhur milliarderi Jef Bezos hem sanawda öňdäki orny eýelýär. Ol hem öz emläginiň uly bölegini haýyr-sahawat işlerine gönükdirmegi meýilleşdirýär.