SIZDEN GELENLER

“Flutter Tutorials Sessions & Firebase Study Jam’20” atly okuw sapagy

Aprel aýynyň 4-ne paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Google Developer Groups” guramasynyň Aşgabat şäherindäki guramaçylary we  uniwersitetimiziň “Engineers’ Club” gurnagy bilen bilelikde “Flutter Tutorials Sessions & Firebase Study Jam’20” atly okuw sapagyny geçirdiler. Okuw sapagyna guramanyň düzüminde bolan agzalarynyň 70-den gowragy  we   hususy  “IT” we telekeçilik edaralarynyň (“Asman oky”, “Timar”, “Imdat”, “Ideal”, “Readit”, “Üç ýap”, “Gujurly nesil”) wekilleri gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň dowamynda “Asman oky” hojalyk jemgyýetiniň inženeri, Erkin Öwlýagulyýew “Advantages of using Flutter in production”, uniwersitetiň kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary  kafedrasynyň mugallymy Mähri Ilmedowa “Chromium and Electron”, uniwersitetiň  maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy hünäriniň talyby Gözel Nazarowa “Applications for Brain Development”, uniwersitetiň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi  hünäriniň talyby Kerim Amansaryýew “React native localization abstraction” we uniwersitetiň  maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy  hünäriniň talyby Sapar Jumaşew “3ds Max Modeling theory” temalary  boýunça çykyş etdiler.

“Flutter Tutorials Sessions & Firebase Study Jam’20” atly okuw sapagyny guramakda uniwersitetiň “Engineers’ Club” gurnagynyň agzalary işjeň gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň ahyrynda, “Google Developer Groups” guramasynyň Aşgabat şäherindäki guramaçylary tarapyndan okuw sapagyny guramakda işjeň gatnaşanlara şahadatnamalar gowşuryldy.

Jahangir Aşirbaýew,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

“Engineers’ Club” gurnagynyň ýolbaşçysy

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti