TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Fitch Ratings» halkara agentligi bilen şertnama baglaşmak

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisininde Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň maliýe halkara derejesini kesgitlemek babatda «Fitch Ratings» halkara agentliginiň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň özbaşdak reýtingini almak boýunça teklipler taýýarlanyldy hem-de bu agentlik bilen degişli şertnamany baglaşmak boýunça işler alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle