TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

FIFA-nyň baýrak gowşurylyş dabarasy ýatyryldy

Halkara Futbol Federasiýasy koronawirus keseli sebäpli FIFA-nyñ 2020-nji ýyly boýunça baýrak gowşurylyş dabarasyny ýatyrdy diýip, “Marca” gazeti habar berýär.

Baýrak gowşurylyş dabarasyny sentýabr aýynda Italiýanyñ Milan şäherinde geçirmek göz öňünde tutulypdy. “Marca” neşiriniň habar bermegine görä, FIFA-nyñ gurnaýan “The Best FIFA Football Awards” baýrak gowşurylyş dabarasy geçirilmeýär.

Şeýle hem “Marca” neşirinde şu ýylyñ iñ gowy oýunçysy, ýagny “Altyn top” baýragynyñ gowşurylyş dabarasynyñ geçirilip-geçirilmejekdigi näbelli bolup durandygy bellenip geçilýär.

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle