TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Fatiniň şertnamasy uzadyldy

Ispaniýanyň “Barsleona” toparynyň geljekki ýyldyzy hasaplanýan Ansu Fatiniň şertnamasynyň 2027-nji ýyla çenli uzaldylandygyny mälim edildi.

Ispan topary 2002-nji ýylda doglan Ansu Fati şertnamasynyň 2027-nji ýyla çenli uzaltdy. Ýaş futbolçynyň täze şertnamasynda transfer edilmegi üçin göz öňünde tutulan möçber 1 milliard ýewro hökmünde kesgitlendi.

Fati “Barselona” klub akademiýasyny futbolçysydyr we ilkinji gezek “Barselona” toparyň esasy düzüminde 2019-njy ýylda çykyş etdi. Ol “Barselona” toparynyň ýyldyzy Lionel Messiniň otuntutary hökmünde görkezilýär. Häzirki wagtda Messiniň “10” belgili köýnekçesinde çykyş edýär.

Golaýda düzümindäki ýene-de bir ýaş futbolçylaryň biri bolan Pedri bilen şertnamasynyň möhletini uzaldan “Barselona” topary bu oýunçynyň goýberiliş bahasyny 1 milliard ýewro hökmünde kesgitledi.

 

Çempionlar ligasy: Pike gol geçiren garry futbolçy boldy

 

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle