TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Farapda afrikanyň mermer lakgasy ýetişdirilýär

Farap etrabynyň ýaşaýjysy Bahramjan Reýimow 1 gektara golaý meýdanda afrikanyň mermer lakgasyny köpeltmek bilen meşgullanýar. Olar 24 sany ýapyk howuzlarda ösdürilýän we olaryň hersinde bir tonna balyk ýetişýär.

Telekeçi bu işe 2020-nji ýyldan bäri alyp barýar. Her möwsümde 2 tonna balyk söwda nokatlaryna ugradylýar.  Balygyň bu görnüşiniň satuw agramyna ýetmegi,  ýagny,  agramynyň 1,5 kilograma ýetmegi üçin 6 aý gerek bolýar. Ol geljekde açyk howuzlary döretmegi we olarda hem balyklary köpeltmegi göz öňünde tutýar. Şeýle-de, ol balyklary daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.

Bu barada “Jeyhun news” neşiri habar berýär.

Ýene-de okaň

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Teswirle