TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.

Lebap welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Lebap welaýaty : dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Portugaliýa ilçi belledi

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle