TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Faraonyň heýkeli tapyldy

Müsüriň Giza şäherinde arheologlar gadymy Müsür hudaýy Ptahyň ybadathanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde meşhur faraonlaryň biri Ramzes II-niň heýkeliniň ýokarky bölegini tapdylar.

«Faraonyň heýkeli granit daşyndan ýasalypdyr. Gadymy ynançlara görä, oňa güýjüň, ýaşaýyş çeşmesiniň we gizlin ruhuň hudaýy hökmünde garalypdyr» diýip, Müsüriň Gadymy ýadygärlikler boýunça milli geňeşiniň baş kätibi Mustafa Waziri metbugata gürrüň berdi.

Tapylan heýkeliň beýikligi 105, ini 55 santimetre deň. Heýkeliň depesindäki ýokary göterilip duran eller ýaşaýyşyň güýjüni aňladypdyr diýlip düşündirilýär.

 

 

Agageldi ITALMAZOW

Ýene-de okaň

Ýaponiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarly

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň ýanynda saýlaw uçastogy döredildi

Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumy açyldy

Teswirle