TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Facebook” ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi

“Facebook” jemgyýetçilik torunyň ulanyjylarynyň sany 2 milliarddan geçdi. Bu barada “Meta” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg habar berdi. Sukerbergiň jemgyýetçilik torunyň ulanyjylarynyň sanyny yglan etmegi bilen “Facebook” tory dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň ilatyndan köp möçberde ulanyjy sanyna ýetdi.

Sukerberg “Facebook” jemgyýetçilik toruny 13 ýyl mundan ozal Garward uniwersitetinde okaýarka esaslandyrypdy. “Facebook” -yň düýbüni tutujy we baş direktory Mark Sukerberg jemgyýetçilik torunyň uly üstünlikler gazanmagy bilen dünýäniň öňdebayrjy işewürleriniň hataryna goşuldy.

“Facebook”, “Instagram” we “WhatsApp” ýaly jemgyýetçilik torlaryny özünde jemleýän “Meta” kompaniýasy geçen ýylyň dördünji çärýeginde 32,2 milliard dollar girdeji gazanypdy.

Beýleki tarapdan, “Metanyň” girdejisi öňki ýyl bilen deňeşdirilende 1% azaldy we 2022-nji ýylda 116,6 milliard dollara çenli azaldy.

Ýene-de okaň

Ýeke gezeklik zarýad bilen 250 km uçan taksi

“Xiaomi” 5 minutda 100% zarýad berer

Günorta Koreýa 2028-nji ýylda 6G-e geçmegi meýilleşdirýär

Teswirle