TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝETTEHNOLOGIÝA

“Facebook” akylly sagat öndürmekçi

ABŞ-nyň “Facebook” jemgyýetçilik kompaniýasy özüniň akylly sagadyny çykarmak isleýär we häzirki wagtda onuň üstünde işleýär. Bu barada “Information” onlaýn neşiri habar berýär. Öndüriljek akylly sagat “Facebook” hyzmatlaryndan peýdalanyp habar ibermek, fitnes we saglyk bilen baglanyşykly funksiýalary bilen özüne çekýär.

Sagatda “Android” operasiýa ulgamy ornaşdyrylar we öýjükli aragatnaşyk arkaly işlär. Mark Sukerberg ýagny “Facebook” kompaniýasynyň ýolbaşçysy “EssilorLuxottica” kompaniýasy bilen bilelikde hyzmatdaşlyk alyp barýar. Sukerberg geljekde özüniň şahsy “Android” ulgamyny işläp düzmek isleýärler. Indiki ýylda bolsa täze öndüriljek ulgam arkaly akylly äýnegiň çykmagyna hem garaşylýar.

Facebook” jemgyýetçilik kompaniýasy hakynda…

“Facebook” jemgyýetçilik tory 2004-nji ýylyň fewral aýynda 19 ýaşly talyp Mark Sukerberg tarapyndan ulanyşa hödürlendi. Kompaniýanyň ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýär. Şeýle hem “Facebook” kompaniýasyna “Messenger”, “WhatsApp” we “Instagram” jemgyýetçilik torlary degişli bolup durýar. Häzirki wagtda “Facebook” jemgyýetçilik torynyň 1 milliard 350 million sany ulanyjysy bar.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Android ulgamynda işleýän Atavatan Applikasyýasynyň linki

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýä gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýer titreme zerarly Türkiýä gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Teswirle