SIZDEN GELENLER

Eziz Diýarda döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösmegine kuwwatly itergi berýär. Kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly daşary syýasatynyň rowaçlanýandygyna döwletimiziň yklymlaryň we sebitleriň ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň barha giňeldilýändigem şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň sanlylaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri açdy. Milli ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy, ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegi möhüm ädim bolup, bu babatda uly üstünlikler gazanylýar. Täze ulgamyň ykdysady we wagt tygşytlylykdaky amatlyklaryny nygtamalydyrys. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň bähbitli taraplary ýylsaýyn ýokarlanýar.

Şu günki bagtyýar durmuşymyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalar ilatyň ähli zerur şertlerden netijeli peýdalanmaklaryna gönükdirilendir. Şeýle hem ildeşlerimiz öz ýaşaýan ýerlerinden daş bolmadyk aralykda ýerleşýän täze-täze zawodlardyr fabriklere, dürli önümçilik desgalaryna işe gatnap, ýurdumyzyň ykdysady, medeni ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda alnyp barylýar. Döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilmegi netijesinde, şäherlerde, etraplarda we oba ýerlerinde ýaşaýyş jaý gurluşygy giň gerime eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Welaýatlarymyzda, etraplarymyzda, obadyr şäherlerimizde medeni-durmuş we senagat maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Muňa mysal hökmünde Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmegini bellemek bolar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodyny, Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyryny görkezmek bolar. Şeýle-de Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgasynyň, paýtagtymyzda kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň netijesidir.

Täze taryhy eýýamda ykdysadyýetiň köpugurly ösüşini gazanmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ösen isleglere laýyklykda, ýokary hilli harytlaryň, önümleriň möçberlerini artdyrmak, telekeçileri, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek we goldamak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň özenini düzýär.  Bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň hatarynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilik kärhanalaryny we dürli maksatly desgalary gurmak, ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, energetika, gurluşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn ähmiýet bermek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ýaly işleri görkezmek bolar.

Ýalkapberdi Gurbangeldiýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1 NGPYD A toparyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr