Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Yragyň paýtagty Bagdada 3 günlük resmi sapar bilen bardy. Bu sapar Eýranyň täze saýlanan Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparydyr.
Bu sapar Yragyň Premýer-ministri Mohammed Şii As-Sudaniniň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
Saparyň dowamynda birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem gepleşikleriň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekiler.